04.01.2025
Täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi. Şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 27-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini belledi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.
Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary-da ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen hem bezelipdir.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Täze kitabynda hormatly Prezidentimiz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere еýе bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir”.
Döwlet Baştutanymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze işinde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen döredilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we beýleki hormatly atlara, nyşanlara mynasyp bolanlaryň ählisiniň sanawyny, şahyryň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli beýleki resminamalary özünde jemlän bu eser “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyndan geljekki nesillere özboluşly ýadygärlikdir diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: “Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar” diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr.
06.01.2025
Türkmenistanyň DIM-inde Belarus Respublikasynyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
06.01.2025
Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Daşkende geldi
06.01.2025
Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň býujetiniň girdejileri we çykdajylary
06.01.2025
2024-nji ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze sepgitlere ýetdi – Bektenow
06.01.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwadan Aşgabat şäherine goşmaça uçuşlary guraýar
05.01.2025
Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigine goşuldy
05.01.2025
Türkmenistanda zehinli çagalaryň 100-e golaýyna Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
04.01.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda 12 işlenilmeýän gün bolar
04.01.2025
Microsoft Emeli Aň tehnologiýaly Maglumatlary taýýarlamak merkezlerine 80 mlrd $ maýa goýum eder
04.01.2025
Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy taýýarlanyldy
03.01.2025
«Asyrlaryň yzlary» halkara ylmy ýygyndysynyň ikinji neşiri çapdan çykdy
03.01.2025
Patriarh Kirill Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady
03.01.2025
Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň arasynda toplumlaýyn olimpiadasy geçiriler
02.01.2025
Hytaýda awtoulaglar üçin dünýäde iň uzyn ötügiň gurluşygy tamamlandy
02.01.2025
Özbegistan Türkmenistandan gelen ýük ulaglary üçin giriş töleglerini ýokarlandyrdy
02.01.2025
Arkadag şäherinde halkara aşpezlik baýramçylygy geçirildi
02.01.2025
"Türkmen Owazy" teleýaýlymy 16 ýyllyk şanly senesini belleýär
01.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
01.01.2025
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady
30.12.2024
Biža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalandy
30.12.2024
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwadan Stambula we Stambulyň üsti bilen Aşgabada ýolagçylary alyp gitmegi gurnar
30.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
30.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi
28.12.2024
«Türkmen gündogary» gazetiniň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
28.12.2024
Russiýanyň DIM-ni daşary ýurtlylaryň wiza boýunça galmak möhletini uzaltmagy teklip etdi
28.12.2024
Latwiýa Türkmenistana ýük daşaýjylar üçin ýangyjy getirmegiň täze düzgünleri barada habar berdi
28.12.2024
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: setin agardylmadyk mata, “TPP D 30 S” markaly polipropilen we suwaldylan gaz ýerlenildi
28.12.2024
GDA ýurtlarynyñ Täze ýyl arçalary: Türkmenistanyñ baş arçasy ýene-de iñ beýigi boldy
28.12.2024
Türkmenistanyň DIM-inde 2024-nji ýylda diplomatik gullugyň alyp baran işleriniň jemi jemlendi
28.12.2024
Daşkentde Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy
28.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny tassyklady
28.12.2024
Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günleriniň iş tertibi çap edildi
27.12.2024
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
27.12.2024
Türkmenistanyň DIM-inde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
26.12.2024
Türkmenistan astrahanlylaryň Täze ýyl saçagy üçin 18 tonna pomidor iberdi
26.12.2024
Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça ýük daşamalaryň mukdary görnetin artdy
26.12.2024
Türkmen ýokary okuw mekdebinde Erasmus+ maksatnamasynyň maglumat güni geçirildi
26.12.2024
Russiýanyň DIM elektron wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmagy meýilleşdirýär
26.12.2024
Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hytaý dilinde neşir edildi
26.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
26.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
26.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12.2024
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar
25.12.2024
Hytaýyñ nebit kompaniýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasy terjimeçi wezipesine işe çagyrýar
25.12.2024
“Türkmennebit” Döwlet konserni buraw we tehniki enjamlaryny satyn almak boýunça halkara BÄSLEŞIK yglan etdi
25.12.2024
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
24.12.2024
Hususy kompaniýalar Türkmenistanda häzirki zaman suw arassalaýyş toplumlaryny gurdular