Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy taýýarlanyldy


04.01.2025

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we olara bolan häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen ýurtda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda kanunçylygyň berk binýady kemala getirildi. Munuň özi bu ugurda degişli işleri yzygiderli alyp barmaga ygtybarly hukuk esasyny döredýär. Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk goşant goşýar. Ýurtda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 — 2018-nji we 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli amala aşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanynyň goldawy bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topar döredildi. Häzirki wagtda agzalan toparyň utgaşdyrmagynda Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi. Şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurtda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. "Adam söwdasy dünýäde örän wajyp hem-de ýiti meseleleriň biridir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz adam söwdasyna garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça dünýä bileleşigi bilen utgaşykly işleri alyp barmaly" diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn