Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Mejlisinde Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi


18.01.2025

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, Milli Parlamentiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem oňa iki goňşy ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, türkmen Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary halkara derejede — abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn