Türkmentelekom Bot

«Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilen karbamidiň 1 million tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi


23.01.2025

2024-nji ýylda «Garabogazkarbamid» zawodynda karbamid öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirildi. Netijede 1 million 122 müň tonnadan gowrak karbamid daşarky bazarlarda ýerleşdirildi. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgininiň 136 göterim ýokarlanandygyny görkezýär.

Kärhanada öndürilýän önümler baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Ýewropa döwletlerine, Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine yzygiderli ugradylýar. Häzirki zaman kärhanasynda öndürilýän önüme daşarky bazarlarda barha köp isleg bildirilýär. Bu barada «Balkan» gazetinde habar berildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda gurlan «Garabogazkarbamid» zawodynda Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Ýewropa ýurtlarynyň, ABŞ-nyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil, häzirki zaman enjamlary oturdyldy. Önümçiligiň dürli ugurlary boýunça Daniýanyň, Italiýanyň, Niderlandlaryň iri kompaniýalarynyň ygtyýarlandyrylan tehnologiýalary ulanyldy.

Kärhana tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna karbamid, şeýle-de 2 müň tonna sintetiki ammiak öndürmäge niýetlenendir. Zawodda öndürilýän önümler eksporta niýetlenmek bilen, suw ýollary arkaly sarp edijilere ugradylýar. Şonuň üçinem Garabogazdaky ozalky gämi duralgasynyň durky täzelenip, oňa öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn