Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynda dabaraly çäreler geçirildi


23.01.2025

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi – diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çärelere Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň işgärleri, kitaphanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Kiýewiň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, žurnalistler, talyp ýaşlar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdy.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärede Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew çykyş etdi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini we ýurtda şu ýylyň ady bir şygar bilen geçirilýändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň ilçisi oňyn bitaraplygyň nusgasy we onuň esasy düzgünleri, häzirki zaman global gün tertibiniň esasy meselelerinde ýurdumyzyň garaýyşlary, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny taýýarlamak barada gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji tagallalarynyň we Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» yglan edilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Dabaraly çäräniň dowamynda türkmen diasporasynyň wekili tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» goşgusyny ene dilinde labyzly okaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew, Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynyň Baş direktory Alla Gordiýenko, Kiýew şäherinde ýerleşýän Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetirýän Ýuliýa Lopata we «AVIAZ» ukraina neşirýatynyň direktory Wiktor Zelenskiý çykyş etdiler.

Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda gatnaşyjylary täze kitap bilen tanyşdyrmak bilen, geçen ýylda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleriň köp sanlysynyň gurnalandygyny belläp geçdi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen birlikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bilen baglylykda şeýle çäreleriň bu ýyl hem dowam etdirilýändigini habar berdi.

T. Ataýew täze neşir barada gürrüň berip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Türkmenistanyň daşarky syýasatynyň esasyny öňünden kesgitländigini we şahyryň ynsanperwer pikirleriniň BMG-niň tutuş dünýäde parahatçylyga esaslanýan maksatlaryna gabat gelýändigini nygtady.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek işinde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar we bu kitabyň ukrain diline terjime edilip, hödürlenjekdigine umyt bildirdiler.

Çäreleriň çäklerinde türkmen halkynyň şekillendiriş, bezeg we amaly-haşam sungatynyň eserleri, el halylary, aýal-gyzlaryň şaý-sepleri, milli türkmen saz gurallary, şeýle hem surat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerindäki goşgular ýygyndylary sergä çykaryldy.

Däp bolşy ýaly, ilçihananyň çäreleriniň çäklerinde dutarda milli sazlar ýaňlandy, gatnaşyjylara bolsa türkmeniň milli tagamlary hödürlendi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn