Türkmentelekom Bot

Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Ýewropa Bileleşigi halkara ulag geçelgesi doly güýjünde hereket edýär


24.01.2025

Häzirki wagtda Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Ýewropa Bileleşigi halkara ulag geçelgesi doly güýjünde hereket edýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaraliýewiň sözlerine salgylanyp, «Tazabek» habar berdi.

Beknazar Bazaraliýewiň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary bu ulag geçelgesini eýýäm Ýewropa haryt daşamak üçin işjeň ulanýarlar.

«Ýük daşaýjylarymyz harytlaryny Ýewropa aşakdaky ugur arkaly daşaýarlar: Gyrgyzystandan Özbegistana, soňra Türkmenistana, soňra Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana we ahyrsoňy Ýewropa. Bu gün bu ulag geçelgesi üçin gowy mümkinçilikleri açýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini ulanmaga bermegiň bosagasynda durus» diýip, B.Bazaraliýew belledi.

Bu ulag geçelgesi ýükleri Gyrgyzystandan Türkmenistana, ýagny Türkmenbaşy portuna, soňra Hazar deňziniň üsti bilen Alýat (Azerbaýjan) porty arkaly Ýewropa ýa-da Astrahana (Russiýa) daşamaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, Bişkekden Türkmenistandaky Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna çenli aralyk 2,5 müň kilometre barabardyr.

Mundan başga-da, ýokarda agzalan ugur «Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» ulag geçelgesiniň hem möhüm bölegi hasaplanýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn