Türkmentelekom Bot

"Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy" tassyklandy


25.01.2025

"Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy" hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýer M.Mämmedowa sanly ulgam arkaly iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Resminama bilen, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurtda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem "Medeniýet hakynda", "Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda kabul edildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn