Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady


28.01.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Belarus Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Belarus Respublikasynyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn