Türkmentelekom Bot

Türkmenistanly mugallym Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrdy


30.01.2025

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Norij şäherine baryp gördi.

Sapar Britan Geňeşi guramasynyň Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylyp, hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, tejribe alşylmagyna hem-de iňlis diliniň we ýurduň medeniýetiniň çuňlaşdyryp öwrenilmegine gönükdirildi.

Bu sapar okuw işiniň möhüm ugry bolup, mugallymlaryň nazary bilimlerini we tejribe başarnyklaryny birleşdirdi, şeýle hem bilim ulgamy boýunça halkara gatnaşyklary pugtalandyrdy. Saparyň çäklerinde gatnaşyjylar Nile (Norfolk International Language Experience) meşhur dil mekdebine baryp gördüler. Mekdepde Merkezi Aziýanyň mugallymlary Angliýada okuw prosesini guramagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çaltlaşdyrylan seminarlary we ussatlyk sapaklaryny geçdiler.

Norij şäheriniň ýerli mekdeplerine we okuw edaralaryna saparlary amala aşyrmaklyga aýratyn üns berildi. Wekillere iňlis dili sapaklarynyň, şeýle hem beýleki mekdep dersleriniň geçişini syn etmäge mümkinçilik berildi. Mekdeplere baryp görmek britan mugallymçylyk usulyýetlerini, okuw prosesini gurnamakdaky çemeleşmeleri we okuwçylar bilen iş alyp barmagyň usullaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi, bu hem möhüm tejribe boldy. Britan kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň dowamynda okuw işiniň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn