Türkmentelekom Bot

Eýranyň Türkmenistana eksporty 9 aýda 400 million dollardan geçdi


03.02.2025

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 9 aýynda (2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 20-nji dekabryna çenli) ýurduň türkmen bazaryna eksport eden nebit däl harytlarynyň möçberi 20,3 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Gümrük administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, «Trend» ýazýar.

Hasabat döwründe Eýranyň Türkmenistana eksport eden nebit däl harytlarynyň umumy bahasy bolsa 12,9 göterim artypdyr.

Habarda bellenilişine görä, Eýran degişli döwürde umumy bahasy 404 million amerikan dollaryna deň bolan 1,15 million tonna nebit däl harytlary Türkmenistana eksport edipdir.

9 aýyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky nebit däl harytlaryň dolanyşygynyň umumy agramy 1,16 million tonna, umumy bahasy bolsa 420 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn