03.02.2025
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz resmi saýtynda Russiýada telefon sim kartlarynyň dolanyşygynyň täze düzgünleri baradaky maglumaty ýerleşdirdi. Bu düzgünlere görä, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara sim kartlaryny satmagyň aýratyn talaplary göz öňünde tutulýar.
Hususan-da, sim kartlar daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezmek hem-de ЕСИА (Şahsyýeti kesgitlemegiň we tassyklamagyň bitewi ulgamy) hem-de ЕБС (Bitewi biometrik ulgam) arkaly şahsyýet baradaky maglumatlaryň dogrulygyny tassyklamak şerti bilen satylýar. Mundan başga-da, aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek hakyndaky şertnama sim-kartdan peýdalanylmagy göz öňünde tutulýan ulanyjylyk enjamynyň (telefon, planşet we ş.m.) identifikatory (IMEI) baradaky maglumatlary öz içine almalydyr.
Şeýle hem şertnama internet arkaly däl-de, diňe ýüzbe-ýüz baglaşylyp bilner. Daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk şahs 10-dan köp öýjükli aragatnaşyk belgisini satyn alyp bilmez.
Bu daşary ýurt raýatlaryna degişli bolan çäklendirmeler daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işgärlerine, daşary ýurt diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerine, şeýle hem ähli ýokarda agzalyp geçilenleriň maşgala agzalaryna degişli däldir.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan telefon belgisi üçin anonim nagt tölegini tölemek gadagan edildi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden:
• daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar sim kartlaryny satyn alanlarynda bu barada Döwlet hyzmatlary portalynda we sms- habary arkaly habardar edilerler;
• daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk şahsyň Döwlet hyzmatlary portalyndaky şahsy otagynda onuň adyna bellige alnan ähli telefon belgileri görkeziler. Şol bir wagtyň özünde, bu şahs Döwlet hyzmatlary portalynda telefon belgisinden ýüz öwrüp biler.
Russiýada telefon sim kartlarynyň dolanyşygynyň täze düzgünleri barada jikme-jik maglumatlar bilen siz şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
12.03.2025
Türkmenistanda britan uniwersitetini açmak teklibi öňe sürüldi
12.03.2025
«ÇaparPay»: amatly töleg etmek üçin niýetlenen mobil goşundy
12.03.2025
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik yglan edýär
12.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady
12.03.2025
Aşgabatda hytaý wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
11.03.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä goşmaça uçuşlary amala aşyrar
11.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyrmagy tabşyrdy
11.03.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag hatyny iberdi
11.03.2025
Turkmenistan TV will stop broadcasting for 12 hours
10.03.2025
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça pudagara topar döredildi
10.03.2025
Eýranyň Prezidenti türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlady
10.03.2025
YHG-nyň Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek halkara foruma çagyryldy
10.03.2025
Türkmenistanda London uniwersitetiniň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
10.03.2025
Bakuwda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
09.03.2025
19-njy martda Aşgabatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk babatda halkara maslahat geçiriler
09.03.2025
Bilermen: “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösmegi ýükleriň daşalma wagtyny gysgaldar
09.03.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Euronews» teleýaýlymyna beren interwýusy
09.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda»
09.03.2025
Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Pakistandaky ilçileri duşuşdylar
09.03.2025
Stambulyň kenar ýakasynda tanker bilen konteýner gämisi çaknyşdy
08.03.2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
08.03.2025
Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekildi
08.03.2025
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyga gol çekildi
08.03.2025
«Euronews» Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlik taýýarlady
07.03.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrunda alnyp baryljak gurluşyk işleri bilen tanyşdy
07.03.2025
Arkadag şäherine çenli uzaýan ýoly «Ahalteke atlary» şaýoly diýip atlandyrmak teklip edilýär
07.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
07.03.2025
Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler
07.03.2025
«Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigi geçiriler
07.03.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 18-nji martda Saud Arabystanyna goşmaça uçuşy guramagy meýilleşdirýär
06.03.2025
ÝTÖB Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenýär
06.03.2025
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary maslahatlaşyldy
06.03.2025
Prezident: Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak işleri dowam etdiriler
06.03.2025
Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
06.03.2025
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary
06.03.2025
Türkmenbaşy şäherindäki Deñizçilik orta hünär mekdebiniñ talyplary okuwlary üçin onlaýn-töleglerini amala aşyryp bilýärler
05.03.2025
Türkmenistanda tölegler üçin NFC ulgamlaryny we QR kodlaryny girizmek boýunça işler dowam etdiriler
05.03.2025
Ispaniýa Patyşalygy Türkmenistanda täze ilçi belledi
05.03.2025
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
05.03.2025
Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
05.03.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy
04.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
04.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Görogly etrabyna täze häkim belledi
04.03.2025
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
04.03.2025
Türkmenistanyň çäginden geçjek konteýner otlusy Hindistandan Gazagystana tarap ýola düşdi
04.03.2025
«PostShop» onlaýn dükany harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýär
04.03.2025
Aprel aýynda Astrahanda "Hazar sebitiniñ ulag logistikasy 2025" forumy geçiriler
04.03.2025
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Belarus kaliý ýükiniň üstaşyr gatnawyny amala aşyrýar
04.03.2025
Balkanabat şäherine täze häkim bellenildi
03.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Bangladeşiň Prezidentini Aşgabatdaky halkara foruma çagyrdy.