Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda «Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen duşuşyk geçirildi


03.02.2025

Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew «Dutaryň owazy» atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Russiýada türkmen ýerine ýetirijileriniň hem-de bu ýurtda okaýan talyplaryň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu duşuşyk Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan «Dutaryň owazy» atly IX Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň işiniň başlangyjy boldy.

Baýramçylyk çäreleriniň esasy wakalary Russiýa bilen Türkmenistanyň bilelikdäki konsertlerini, Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynda, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynda we Gündogar edebiýaty merkezinde geçiriljek maslahatlary, sergileri we nakgaşçylyk bäsleşiklerini, şeýle hem okyjylar we kompozitorlar üçin bäsleşikleri öz içine alar.

Bäsleşikler tamamlanandan soň «Sazly-suratly ýygyndy kitabyny» neşir etmek meýilleşdirilýär. Oktýabr aýynyň ahyrynda we noýabr aýynyň başynda adaty bolşy ýaly, Russiýada, şeýle hem Türkmenistanda ýyl-ýyldan has-da meşhurlyga eýe bolýan saz bäsleşikleri geçiriler – diýlip, «Dutaryň owazy» festiwalyň guramaçylyk komitetiniň metbugat habarynda bellenýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Dutaryň owazy» atly Dokuzynjy festiwalyň diňe bir saz baýramy däl-de, eýsem halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösmegi üçin meýdança boljakdygy baradaky ynamlaryny beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, ozal geçirilen «Dutaryň owazy» festiwalynyň ählisine Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gwatemaladan, Germaniýadan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, BAE-den, Russiýadan, Sloweniýadan, ABŞ-dan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan we dünýäniň beýleki ýurtlardan 1000-den gowrak sazanda-ýerine ýetiriji, şeýle hem tans we hor toparlary gatnaşypdy. «Dutaryň owazy» halkara festiwaly halklaryň arasyndaky dostluk we ruhy ýakynlyk däplerini pugtalandyrýan möhüm köpri bolup hyzmat edýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn