Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy


04.02.2025

3-4-nji fewralda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän GOSAT emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň mukdaryna baha bermek boýunça halkara maslahatyň işine gatnaşdylar. Bu barada ministirligiň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Mongoliýanyň wekilleri parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmek hem-de bu işlerde emeli hemradan alynýan maglumatlardan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekili döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda ýurduň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler barada çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşynda howanyň üýtgemegi babatda ýurtda durmuşa geçirilýän çäreler we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurdaky halkara başlangyçlary barada bellenip geçdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmekde ulanylýan usullar we bu işlerde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn