Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň ilçisi «Tabani Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi


05.02.2025

4-nji fewralda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda «Tabani Group» kompaniýasynyň başlygy Hamza Ýakub Tabani we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Hatim Ýakub Tabani bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty, şol sanda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýanyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan makullanandygy hem-de onuň halkara meýdançadaky häzirkizaman çagyryşlar bilen bagly ähmiýeti barada bellenildi.

Şeýle-de ilçi sebitde we onuň daşynda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşant goşjak bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada nygtady.

«Tabani Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň alyp barýan daşary we içeri syýasatyna ýokary baha berip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, şol sanda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hem-de giňeltmekde mümkin bolan ähli goldawlaryny bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn