06.02.2025
05-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito hem-de Premýer-ministr Sigeru Isiba berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Akihisa Nagaşimanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant boljakdygyna ynam bildirip, saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini belledi we ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Myhman döwletara gatnaşyklary ösdürmekde özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda işjeň ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ol yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzda bu komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar. Bu önümlere içerki bazarda, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Gyýanlydaky polimer, Garabogazdaky karbamid, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumlary, “Maryazot” zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Akihisa Nagaşima ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan bu sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we pursatdan peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň öwredilýändigini aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
04.07.2025
Türkmenistan Stambulda eksport mümkinçiligini görkezýär
04.07.2025
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen Hankendide duşuşdy
04.07.2025
Meredow we Baradar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň çäginde TOPH we TOP taslamalary barada pikir alyşdylar
03.07.2025
Türkmenistan we Russiýa awtoulaglarda ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürerler
02.07.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän BSG-niň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşýar
02.07.2025
Türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynda saparda boldy
02.07.2025
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy