Türkmentelekom Bot

Türkmen diplomaty «BMG – Zenanlar» düzüminiň Sebit direktory bilen gender syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy


07.02.2025

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde «BMG – Zenanlar» düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin Sebit direktory Belen Sans Luke bilen duşuşdy. Diplomatlar gender syýasatyny kämilleşdirmek we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de aýallaryň durnukly ösüşi ilerletmekdäki we oňa ýetmekdäki ornuna ähmiýet bermek bilen, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenanlarynyň forumyny, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlar dialogyny geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

M.Bäşimowa Belen Sans Lukeni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn