Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň baş konsuly KFU-nyň Ýelabuga institutynda türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy


07.02.2025

Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynda Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly Güýç Garaýewiň we KFU-nyň daşarky gatnaşyklar boýunça wise-rektory Timirhan Alişewiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň esasy maksady, uniwersitetiň daşary ýurtly talyplarynyň ep-esli bölegini emele getirýän türkmenistanly talyplary bilen duşuşmakdan ybarat boldy. Häzirki wagtda bu institutda türkmenistanly ýaşlaryň 1025-si bilim alýar.

Duşuşyk institutyň iň uly zalynda geçirildi.

Duşuşykda institutynyň direktory Marat Umarow türkmenistanly talyplaryň institutyň durmuşynda işjeň orny eýeleýändiklerini, sportda üstünlik gazanýandyklaryny belledi. Ol talyplara okuwlaryny üstünlikli tamamlamagy we abraýly Kazan uniwersitetinden diplom almagy arzuw etdi.

Güýç Garaýew Ýelabugada ilkinji gezek bolýandygyny belläp, watandaşlarynyň köpüsiniň bilim almak üçin Russiýany saýlandygyna begenýändigini aýtdy.

«Biz bu ýere öwrenmek üçin geldik, şonuň üçin ilki bilen Russiýa Federasiýasynyň kanunlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak möhümdir. Goý, ene-ataňyz öz ýurdumyzda siziň şu ýerde okaýandygyňyz barada buýsanç bilen aýtsynlar. Talyplyk ýyllaryňyz çalt geçer we şu döwürde bilimiňiziň berk binýadyny gurmak gerekdir» diýip, baş konsul belledi.

Şeýle hem, diplomat migrasiýa kanunçylygynyň has çylşyrymlaşýandygyny, şonuň üçin ähli resminamalaryň öz wagtynda doldurylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda talyplar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn