08.02.2025
Hormatly adamlar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şatlykly wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Her bir güni şanly geçmişimize, beýik döwrümize söýgimizi, nurana geljegimize bolan ynamymyzy has-da berkiden taryhy we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2024-nji ýylda öňde goýan maksatlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, ägirt uly öňegidişlikleri gazandyk. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli iri desgalary, döwrebap obalary ulanmaga berdik. Abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüşler biziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň aýdyň netijesidir.
Eziz watandaşlar!
Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýurdumyzyň has depginli ösýän etraplarynyň biridir. Etrabyň ykdysadyýetinde, oba hojalygynda, gurluşygynda, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, etrapda häzirki zaman tehnologiýalary, inženerçilik çözgütleri we binagärlik sungatynyň gazananlary ulanylyp, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu ugurdaky işleriň depgini häzirki wagtda has-da güýçlendirilýär. Innowasion tehnologiýaly, täze kuwwatly senagat, önümçilik desgalary işe girizilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde, bu etrapda-da täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Etrabyň zähmetkeşleriniň bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, miwe, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny öndürmek, dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri örän guwandyryjydyr. Etrapdaky pagta-egirme fabriginde, kuwwatlylygy 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanada döredijilikli zähmet gaýnap joşýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen medeni-taryhy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigy gözellikleri bilen dünýä meşhur bolan Mary welaýatynyň bu sebitinde telekeçilik işiniň netijeliligi barha ýokarlanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ýokary girdejiler, barha artýan ykdysady görkezijiler amatly maýa goýum şertlerini döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde hem-de gatnaşmagynda 2022-nji ýylda ýaşaýyş jaýy dabaraly açylyp, durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara sowgat berildi. 2024-nji ýylda bolsa etrabyň Şatlyk şäherçesinde döwrebap metjit we sadaka jaýy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi Sakarçäge etrabynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Eziz watandaşlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň zähmetkeşleri hem ähli tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirmelidirler. Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgiňiz, yhlasly we tutanýerli zähmetiňiz bilen geljekde hem siziň uly üstünlikleri gazanyp, täze sepgitlere abraý bilen ýetjekdigiňize berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy
18.06.2025
Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
18.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky mekdebe kitap sowgat berdi
17.06.2025
"Media Türkmen" habarlar agentligi Hytaý – Merkezi Aziýa ynsanperwer alyş-çalyş forumyna gatnaşdy
16.06.2025
17-nji iýunda Astanada Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçiriler
16.06.2025
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara
16.06.2025
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ÝOM-leriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi