Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda 2025-nji ýylda içerki sarp edijiler üçin nebit önümleriniň möçberleri tassyklandy


08.02.2025

Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.

Resminama Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn