Billing

Öz maglumatlaryňyzy we hasabyňyzy görmek üçin şahsy otag

Giňişleýin >

TELECOMWIFI

Jemgyýetçilik ýerlerinde ýokary tizlikli çäklendirilmedik internet

Giňişleýin >

Poçta

@online.tm poçta üçin müşderilere giriş

Giňişleýin >

Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň çägindäki ähli bölümler hakynda maglumat

Giňişleýin >

Online sargyt goýuň

"Türkmentelekom" EAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri üçin biziň hünärmenlerimiz Siziň bilen habarlaşarlar

Hosting

Türkmenistanyň serwerlerinde ýerleşdirmek

Giňişleýin

Kolokasiýa

Maglumatlar merkezinde serweri ýerleşdirmek

Giňişleýin

Internet nyrhnamalary

Ilat, ýurudiki şahslar we edaralar üçin internet hyzmatlarynyň nyrhnamalary

Giňişleýin

Köp soralýan soraglar

Şahsy otagdan nädip peýdalanmaly?

Hormatly Müşderiler!

Şahsy otagyňyzdaky hasaby we ulanyjy maglumatlaryňyzy barlamak üçin telecom.tm web-salgymyza girip bilersiňiz.

Açylan penjiräniň ýokarky sag çüňkinde Şahsy otag bölümine geçiň.

OVZ we KVM tehnologiýalary näme we nähili tapawutlanýarlar?

OpenVZ (Open Virtuozzo) – Linux ýadrosyna esaslanýan konteýnerleme platformasydyr. Linux ulgamyna esaslanýan bir operasiýa ulgamynda birnäçe operasiýa ulgamyny işletmäge mümkinçilik berýär. Konteýnerler root ygtyýarlylygy, faýl, ulanyjy ýa-da topar, amal we tor izolýasiýasy bilen garaşsyz Linux ulgamy hökmünde işleýär. 

VPS/VDS -dan name tapawudy bar?

VPS (Virtual Private Server) ýa-da VDS (Virtual Dedicated Server) “berlen wirtual serwer” diýmekligi aňladýar. VPS VDS-dan näme tapawudy bar diýseň, hakykatda hiç tapawudy ýok, ýöne wirtuallaşdyrma tehnologiýasynda giňişleýin tapawudy ýüze çykýar(mysal üçin, OpenVZ we KVM).

Müşderi wirtual maşyn OS-ny özbaşdak üýtgedip bilýärmi?

OpenVZ we KVM tehnologiýalaryny (VDS A, VDS B, VDS C) goldaýan nyrhnamalary ulanýan bolsaňyz, wirtual maşynyň OS-ny özbaşdak üýtgedip bilersiňiz. Hyzmaty açanyňyzda rekwizitleri       e-poçta salgyňyza iberilýär. Rekwizitda vmmanager-a geçmek üçin salgylanmany ulanyp bilersiňiz. Wirtual maşynyň OS-ny täzeden gurmak Dolandyryş -> Wirtual maşynlar -> Gaýtadan gurnamak bölüminde başladylýar.

Wirtual maşyn üçin giriş maglumatlaryny ýatdan çykaran ýa-da ýitiren bolsam, nirä ýüz tutup bilerin?

Giriş maglumatlaryňyzy ýitiren bolsaňyz, 95-59-14 telefon arkaly müşderiler bilen işleşýän bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Bize zerur maglumatlary bereniňizden soň maglumatlaryňyz dikeldiler we e-poçta salgyňyza iberiler.

Hosting hyzmatyny nädip birikdirmeli?

Hosting hyzmatyny almak üçin Oguz Han köçesiniň 217-nji jaýynda ýerleşýän "Altyn Asyr" öýjükli operatoryň binasyndaky bölümimize ýüz tutmaly. 

Aşakda bu hyzmaty açmak / almak üçin zerur resminamalaryň sanawy görkezilýär:

Öý telefonyny nädip birikdirmeli?

Öý telefonyňyzy birikdirmek üçin Türkmentelekomyň islendik hyzmat ofisine ýüz tutup bilersiňiz.

    1)  Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we pasportynyň göçürmesi;
    2)  Öý kitapçasy;

Has giňişleýin maglumat üçin 071 jaň merkezimize ýüz tutup bilersiňiz.
* bu hyzmat ýurduň diňe welaýatlarynda birikmek üçin elýeterlidir.

Kabel teleýaýlymyny nädip birikdirmeli?

Kabel teleýaýlymyny birikdirmek üçin Türkmentelekomyň islendik hyzmat ofisine ýüz tutup bilersiňiz.

Aşakda bu hyzmaty açmak / almak üçin zerur resminamalaryň sanawy:

1)    Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we pasportynyň göçürmesi;
2)    Öý kitapçasy;
3)    Başlangyç üçin azyndan 50 manat töleg;
4)    Bu hyzmat üçin aýlyk töleg 10 manat;

Has giňişleýin maglumat üçin 071 jaň merkezimize ýüz tutup bilersiňiz.

Ilat üçin internetini nädip birikdirmeli?

Ilat üçin internetini birikdirmek üçin Türkmentelekomyň islendik hyzmat ofisine ýüz tutup bilersiňiz.

1)    Öý telefon belginiň eýesi, pasporty we pasportynyň göçürmesi;
2)    Öý kitapçasy;
3)    Hususy eýeçilik şahadatnamasy;

Has giňişleýin maglumat üçin 071 jaň merkezimize ýüz tutup bilersiňiz.


Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin

Täzelikler

Online TV dürli enjamlarda serediň