Türkmentelekom Bot

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri üçin täze guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy


10.02.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga bilen hem tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Gahryman Arkadaga şäheriň lagym suwlaryny gaýtadan işlejek täze desganyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy nobatdaky guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suw saklamaga niýetlenen desga bar. Onda lagym suwlaryny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwlary Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, şäheriň önümçilik toplumlarynyň, şäheriň golaýyndaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberleri bolsa Garagum derýasyna akdyrylar.

Bu ýerde arassa suwuň akdyrýan akabasynyň derejesi ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, suwuň düzüminiň ýörite barlaghanalarda ylmy esasda öwrenilýändigini aýdyp, alym Arkadag bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan işleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn