Türkmentelekom Bot

Türkmen milli at üstündäki oýunlar mekdebi çuňňur däp-dessurlara we nesilleriň dowamlylygyna esaslanýar.


10.02.2025

Türkmeniň milli at üstündäki oýunlar mekdebi çuňňur däp-dessurlara we nesilleriň dowamlylygyna esaslanýar. Batyr Annaýew, Döwlet Hojabaýew, Bäşim Annaýew we Amandurdy Annaýew ýaly meşhur türkmen çapyksuwarlarynyň atlary halkara meýdançalarynda türkmen halkynyň atçylyk mekdebini buýsanç bilen görkezendikleri üçin sirk sungatynyň taryhynda ebedilik ýazylandyr – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri ýazýar.

Häzirki wagtda türkmen milli at üstündäki oýunlarynyň iň gowy däplerini Türkmenistanyň halk atşynasy we at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň nesli dowam etdirýär we ösdürýär. Onuň ogly Serdar Pygyýew – «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysydyr.

Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk sungatynyň festiwalynda üstünlikli çykyş edeninden soň, Serdar Pygyýewe atçylygy ösdürmäge we türkmenleriň milli baýlygy hem buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk häsiýetlerini gorap saklamaga goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly at dakyldy. Bu sarpaly adyň berilmegi onuň üçin uly hormat hem uly jogapkärçilik, şeýle hem mundan beýläk işlemäge goşmaça itergi boldy.

– Meniň işime şeýle ýokary baha berleni üçin diýseň hoşaldyryn – diýip, Serdar Pygyýew aýdýar. – Meniň maşgalam we kakam - meniň durmuşymyň daýanjy we esasydyr. Bedewlere bolan söýgi we atçylyk däplerine bolan hormat bizde nesilden-nesle geçýär. Men ýurdumyzyň Hökümetiniň goldawy we üns bermegi, şeýle hem bize berilýän mümkinçilikler üçin çäksiz hoşaldyryn. Türkmenistanda atçylyga we milli at üstündäki oýunlara öz goşandyny goşan halypalara aýratyn hormat goýýaryn. Olar meniň üçin görelde nusgasydyr.

Monte-Karlodaky sirk festiwalyna gatnaşmak at üstündäki oýunlaryň baý däplerini we türkmen halkynyň üýtgeşik medeni mirasyny tutuş dünýä görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy – diýlip, neşirde bellenýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn