Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynda BMG-niň Moskwadaky maglumat merkeziniň direktory bilen duşuşyk geçirildi


11.02.2025

Türkmenistanyň Russiýanyň Federasiýasyndaky ilçihanasynda BMG-niň Moskwadaky maglumat merkeziniň direktory Wladimir Kuznetsow bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu başlangyjy wagyz etmek bilen bagly Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Russiýada guraljak çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Onda BMG-niň Moskwadaky maglumat merkezine aýratyn orun degişli.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we BMG-niň 80 ýyllygynyň bellenilýändigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk we durnukly ösüş ideýalaryny wagyz etmek üçin konferensiýalary, «tegelek stollary» we sergileri öz içine alýan bilelikdäki çäreleriň birnäçesini guramak kararyna gelindi.

BMG-niň maglumat merkeziniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, BMG-niň Russiýadaky edaralarynyň toparynyň ilçihanany degişli meýilnamany durmuşa gecirmelde goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn