Türkmentelekom Bot

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar


12.02.2025

Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary Nino Silosani bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda degişli ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag-aragatnaşyk we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Iki döwletleriň arasynda konstruktiw dialogyň ösmegine goşant goşýan parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işlerine üns çekilip, onuň iki halkyň arasynda özara düşünişmegi güýçlendirmek üçin möhüm gural bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň wekilleri özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini tassykladylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn