Türkmentelekom Bot

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler


13.02.2025

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani habar berdi.
Diplomatyň bellemegine görä, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady ugurda däl, eýsem medeni ugurda hem ösýär. Bu ylmy we döredijilik wekiliýetleriniň alyş-çalşygyny, medeni hepdeleriň geçirilmegini we sport gatnaşyklarynyň ösdürilmegini öz içine alýar.
Ilçi Yslam Rewolýusiýasynyň 46 ýyllygyna bagyşlanan gala çäresinde: «Şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär» diýdi.
Ali Mojtaba Ruzbahani türkmen-eýran gatnaşyklarynyň iki ýurduň arasyndaky çuňňur taryhy, medeni, geografiki, etnik we dini gatnaşyklara esaslanýandygyny belledi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn