Türkmentelekom Bot

Buharestde energetika pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy


14.02.2025

13-nji fewralda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn böleginiň başlygy Pawel-Kasýan Nitulesku hem-de degişli edaralaryň wekillerinl bilen duşuşdy. Gepleşikleriň esasy temasy nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada boldy.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň alyp barýan işlerine, şeýle-de onuň Türkmenistanda geçiriljek indiki mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy rumyn kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda gazananlaryna bagyşlanylyp her ýyl geçirilýän halkara sergilere we forumlara gatnaşmaga çagyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn