Türkmentelekom Bot

Birža söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy


17.02.2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata we inçe süýümli pagta ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 840 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem nah matany, float aýnasyny, pagta süýümini satyn aldylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn