Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi


18.02.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Iş maslahatynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlary welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli çäreler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ilaty ýurduň özünde öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, sebitlerde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär.

Häkimler welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hiliniň agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny, şoňa görä-de, ähli oba hojalyk işlerinde, şol sanda bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işlerinde bu kadalaryň berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini güýçlendirmegi, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn