20.02.2025
17 – 19-njy fewral aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş sapary amala aşyryldy. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi A.Nagaşimanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endo bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EXPO – 2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda ulag, gaz we himiýa senagaty pudaklarynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar.
Şeýle-de R.Jepbarowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy N.Haýaşiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda Ýaponiýanyň ýokary tehnologiki tejribeleriniň orny, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky nebit-himiýa, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada ýakyn geljekde alnyp baryljak iri taslamalar barada aýratyn bellenildi.
Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary T.Matsuo bilen hem duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet we senagat ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek üçin Ýaponiýanyň tehnologiýalaryndan peýdalanmak, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hyzmatdaşlygyň täze derejede dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen NEXI-niň başlygy A.Kurodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň dürli maliýe edaralaryny Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge çekmek boýunça işi ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.
21.02.2025
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
21.02.2025
Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri magistratura maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
21.02.2025
Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
21.02.2025
«Hepdelik» haryt nyşanly kärhana täze önümiň — mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy
21.02.2025
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
20.02.2025
Britaniýaly professorlar Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bilen duşuşdylar
20.02.2025
Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy
20.02.2025
Bilim ministri Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy
20.02.2025
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
20.02.2025
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili «Diva» žurnaly bilen söhbetdeşlik geçirdi
19.02.2025
«Turkmen Expo» türkmen kompaniýalaryny Russiýada geçiriljek halkara sergilere çagyrýar
19.02.2025
Türkmenistanda talyplaryň arasynda geçirilen onlaýn olimpiadanyň jemleri jemlendi
19.02.2025
Türkmen diplomatlarynyň üçüsi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy
19.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
19.02.2025
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
19.02.2025
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy we dialogy pugtalandyrmakda yzygiderli tagalla edýär
18.02.2025
Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ştab-kwartirasynda çäre geçirdi
18.02.2025
Russiýanyň ilçisi Türkmenistanyň diplomatlaryny hünär baýramy bilen gutlady
18.02.2025
Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
18.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi
17.02.2025
BMG-niň ozalky Baş sekretary Türkmenistanyň global durnuklylyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi
17.02.2025
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi giňeldilen sanly hyzmatlardan peýdalanmagy teklip edýär
17.02.2025
Birža söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy
17.02.2025
Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
17.02.2025
Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler
17.02.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy
15.02.2025
Türkmenistanda diplomatik işgärleriň gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
15.02.2025
Adam hukuklary babatda halkara borçnamalar boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
15.02.2025
Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýanwar aýynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar
15.02.2025
Pudagara toparyň mejlisi
15.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02.2025
Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
15.02.2025
Bir aýda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan geçdi
14.02.2025
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okaýan owganystanly ýaşlaryň sany köpeldiler
14.02.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Türkiýä sapar bilen barar
14.02.2025
Aşgabatda Türkiýäniň ilçisiniň metbugat maslahaty geçirildi
14.02.2025
Buharestde energetika pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
14.02.2025
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş ähmiýetli derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny aldy
14.02.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly awia nebiti, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen we gurluşyk materiallary satyn alyndy
14.02.2025
Meredow Saud Arabystanynyň Aşgabatda diplomatik işini tamamlaýan ilçisi bilen duşuşdy
13.02.2025
BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Hyratdaky sebitleýin ofisiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
13.02.2025
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
13.02.2025
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler
12.02.2025
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bilermenleri Türkmenistanda deslapky missiýasyny geçirdiler
12.02.2025
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
12.02.2025
Raşid Meredow iş sapary bilen Tährana bardy
11.02.2025
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynda BMG-niň Moskwadaky maglumat merkeziniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
11.02.2025
Koreýanyň Sungýungwan uniwersiteti türkmen talyplary üçin kwotalaryny we talyp haklaryny artdyrar
11.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady