Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili «Diva» žurnaly bilen söhbetdeşlik geçirdi


20.02.2025

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew Şweýsariýanyň abraýly «Diva» žurnalyna interwýu berdi. Bu barada Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşlik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň maksady Türkmenistanyň esasy daşary syýasat başlangyçlary bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Söhbetdeşlikde Wepa Hajyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti, onuň sebit durnuklylygyny üpjün etmekdäki orny we ýurduň halkara parahatçylyk başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygy barada gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bitaraplygyň ynsanperwer we ykdysady taraplaryna aýratyn üns berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň dürli döwletler we guramalar bilen halkara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Wepa Hajyýew ýurduň ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ösüş we energetika diplomatiýasy boýunça goşandy barada giňişleýin maglumat berdi.

Ýeri gelende bellesek, «Diva» žurnaly diplomatiýa, dünýä syýasaty, medeniýet we işewür hyzmatdaşlyk meseleleri bilen baglanyşykly giň gerimli makalalary çap edýän meşhur halkara neşirdir. Onuň okyjylarynyň hataryna diplomatik düzümiň, halkara guramalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri, şeýle-de işewürler girýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn