Türkmentelekom Bot

Bilim ministri Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy


20.02.2025

19-njy fewralda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Waganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjek mümkinçilikleri hem-de şertleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bilim bilim ministri J.Gurbangeldiýew pakistanly diplomaty Türkmenistanda bilimiň hilini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de milli we halkara derejesinde ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan resminamalar esasynda häzirki wagtda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenilip geçildi. Şeýle-de soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglere girmegi bilen bagly gazanylan üstünlikler barada maglumat berildi.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamynda geçiriljek çärelere pakistan tarapynyň gatnaşmaga çagyrylýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek «Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyna bu institutyň hyzmatdaşy bolan Pakistanyň COMSATS Uniwersitetiniň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle-de şu ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna pakistanly okuwçylaryň gatnaşmagy barada özara pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Feýsalabad şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda oba hojalygynyň ykdysadyýeti we maldarçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak başlangyjy öňe sürüldi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berip, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigini belledi. Ilçi öz gezeginde türkmenistanly ýaşlaryň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bank işi, demir ýol, IT, derman senagaty, dil öwreniş hünärleri boýunça talyp hakly ýerler esasynda bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň bardygyny habar berdi. Şeýle-de, Ilçi özüniň diplomat hökmünde toplan tejribesini paýlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «açyk sapak» bermäge isleg bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, Pakistanyň nusgawy şahyry Allama Ykbalyň ömri we döredijiligi barada giňden tanyşdyrmak maksady bilen bilelikde çäreleriň guralmagyny teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla etjekdiklerini beýan etdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn