Türkmentelekom Bot

Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy


20.02.2025

Patyşa Salman adyndaky Goldaw we ynsanperwer kömek merkezi Türkmenistana sowgat hökmünde 25 tonna hurma iberdi – diýip, Turkmenportal saýtynyň žurnalisti habar berýär.

Bu sowgady gowşurmagyň resmi dabarasy Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirildi. Ilçihananyň tarapyndan çärä bu ýurduň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nawaf Al-Raşid gatnaşdy, türkmen tarapyna bolsa Türkmenistanyň Müftüliginden resmi adamlar wekilçilik etdiler.

Gowşurylan hurmalar Türkmenistanyň ähli çäklerinde metjitleriň we musulman jemagatlarynyň arasynda paýlanar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Müftüliginiň wekilleri bu päk ýürekden görkezilen sahylygy üçin Saud Arabystanyna çuňňur minnetndarlyklaryny bildirdiler we munuň iki döwleti birleşdirýän berk dostluk aragatnaşyklaryna bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýändigini nygtadylar.

Bu sowgat mukaddes Oraza aýynyň öňüsyrasynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Yslam däbine görä agyz açarda agyz beklänler ilki suw bilen suwsuzlygyny gandyrýarlar, soňra hurma bilen dowam etdirip, tagam iýip başlaýarlar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn