Türkmentelekom Bot

Britaniýaly professorlar Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bilen duşuşdylar


20.02.2025

17-nji fewralda Nottingem Trent uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) wekilleri - professor Martin Sewior we doktor Sem Berkli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili mugallymlary bilen iş duşuşygyny geçirdiler – diýip, dil institutynyň wekilleri Türkmenportal saýtyna habar berdiler.

Britan hünärmenleri «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegi çaltlandyrmak» maksatnamasy barada gürrüň berdiler we netijeli okuw usullaryny institutyň mugallymlary bilen paýlaşdylar. Duşuşygyň amaly böleginiň çäklerinde institutyň mugallymlary kiçi toparlara bölünip, ulanylýan okuw usullarynyň meňzeşlikleri we tapawutlary baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, test-synaglary geçirdiler.

Gatnaşyjylar türkmen mugallymlarynyň dürli tehnologiýalardan we çemeleşmelerden peýdalanýandyklaryny ýüze çykardylar: käbirleri leksiýa görnüşine ýöriteleşýärler, beýlekiler - amaly sapaklara köp üns berýärler, käbirleri bolsa emeli aňy işjeň ornaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de mugallymlaryň işini ýeňilleşdirýän we çylşyrymlaşdyrýan faktorlar, şol sanda okuw materiallaryna elýeterlilik we wagt çäklendirmeleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn