Türkmentelekom Bot

«Hepdelik» haryt nyşanly kärhana täze önümiň — mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy


21.02.2025

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Balta Myradow adyndaky geňeşliginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Hepdelik» haryt nyşanly peýnir önümçiligi bilen meşgullanýan kärhana ýakynda täze önümiň — mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada welaýat gazetiniň paýlaşan habarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, kärhananyň bir gije-gündiziň dowamynda 1 tonna, her aýyň dowamynda bolsa 30 tonnadan gowrak sygyr süýdüni gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Esasan-da peýniriň duzly hem-de «Abywerd» ady bilen gaty kyrkgasanak görnüşleri öndürilýär. Peýnirleriň gury maddasynda ýagyň agramlaýyn paýy 45 göterime barabardyr. Tehnologik talaplara laýyklykda işleri sazlaşykly ýola goýlan önümçiligimizde her tonnadan 96 kilogram ýokary hilli peýnir alynýar. Häzirki wagtda her aýda 2 tonnadan gowrak «Abywerd» peýniri taýýarlanylýar.

Bu ýerde «Altyn asyr» ady bilen öndürilip başlanylan täze önümiň — mesge ýagynyň ýaglylygy 72,5 göterime barabar. Mesge ýagy 200 hem-de 500 gram möçberlerinde gaplanylyp, satuwa çykarylýar. Eýýäm täze önüme isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Önümçilik üçin gerek bolan sygyr süýdi şahsy hojalyklardan satyn alnyp, hil derejesine aýratyn talap bildirilýär. Barlaghana şertlerinde kämil enjamlaryň kömegi bilen önümçilige berilýän süýdüň hem-de taýýar önümleriň ýaglylygy, turşulygy hem-de dykyzlygy takyk barlanylyp, ýaramlylyk derejesi öwrenilýär diýlip, çeşmede aýdylýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn