Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi


21.02.2025

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we syýasy bilermenler, medeni assosiasiýalaryň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew öz çykyşynda ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýokary derejede geçiriljek çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de şu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygy nukdaýnazaryndan bolsa, halkara we döwlet derejesinde geçiriljek möhüm çäreleriň aýratyn ähmiýete, many-mazmuna eýe bolýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn