Türkmentelekom Bot

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar


21.02.2025

Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär.

«Türkmeňistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, häzirki wagtda köprüniň ähli sütünlerinde burawlanyp, betonlanýan gazyklaryň hem-de sütünleriň, keselikleriň betonlaryny guýmak, köprüniň gözegçilik ýörelgelerini gurnamak, sütünleriň gorag örtüklerini etmek, sütünleriň arasynda metal konstruksiýalaryny oturtmak, süýşürmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Şeýle-de köprüniň Türkmenbaşy — Garabogaz eltiji ýollary asfalt ýazmaga taýýar edildi. Ýeri gelende aýtsak, Garabogazda gurulýan täze köprini bellenilen möhletde ýokary hil derejesinde ulanyşa tabşyrmak onuň gurluşygynda agzybir zähmet çekýän işçilerdir hünärmenleriň baş maksady bolup durýar.

Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynda möhüm gurluşygy tamamlap, giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýylyk baýramyny ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýärler.

Onuň gurluşyk işlerini ýurduň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti türkmen kärdeşleri bilen bilelikde üstünlikli ýerine ýetirýärler. Gurluşyk işlerinde esasy zerurlyk edýän demir gurnamalar bolsa öň baglaşylan şertnamalar boýunça Türkiýe, Germaniýa, Beýik Britaniýa döwletlerinden getirilýär. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, bu ýerde halkara talaplary gyşarnyksyz berjaý edilýär. Has takygy, gurulýan köpri ikitaraplaýyn gatnawly, iki sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Täze köpriniň uzynlygy 354 metre, ini hem 21 metre ýeter. Şeýlelikde, awtomobil köprüsiniň ýük göterijilik we geçirijilik, şeýle-de uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmek mümkinçilikleri halkara ölçegleridir kadalaryna laýyk üpjün edilýär.

Halkara ähmiýetli awtomobil köprüsiniň gurluşygyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak pata bermegi bilen 2022-nji ýylyň iýul aýynda badalga berildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn