Türkmentelekom Bot

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 18-nji martda Saud Arabystanyna goşmaça uçuşy guramagy meýilleşdirýär


07.03.2025

18-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat - Jidda (Saud Arabystany) - Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşy girizmegi meýilleşdirýär. Awiakompaniýanyň habarynda bu uçuş diňe şu senede amala aşyrylar diýlip aýdylýar.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugry boýunça hepdede iki gezek yzygiderli gatnawy – hepdäniň çarşenbe we anna günleri amala aşyrýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ähli halkara we içerki uçar gatnawlaryna biletleri turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn görnüşde satyn alyp bilersiňiz.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaý, Abu Dabi, Jidda, Deli, Pekin, Bangkok, Ho Şi Min, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan we Stambul ýaly şäherlere uçuşlary hödürleýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn