Türkmentelekom Bot

Aşgabatda tälimçileri taýýarlamak boýunça CADAP okuwyna badalga berildi


19.03.2025

Şu gün Aşgabatda Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde öňüni alyş çäreleri geçirmek üçin ozal işlenip düzülen gollanmalary ulanmak boýunça tälimçiler üçin iki günlük okuwa badalga berildi.

Gollanma ilatyň ejiz toparlaryna, ilkinji nobatda zenanlara we ýaşlara gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Ýaşlaryň arasynda psihoaktiw maddalaryň howplary barada habarly etmek üçin degişli maglumatlary bermek we olaryň bu barada habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin kompýuter programmalarynyň konsepsiýasyny döretmäge aýratyn üns berilýär.

Okuwyň dowamynda bilim maksatnamalary we olary durmuşa geçirmek boýunça tälimçileriň taýýarlygy görkeziler.

Bu gollanmalar Polşanyň Neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça merkeziniň hünärmenleri bilen saglygy goraýyş, bilim, içeri işler ministrlikleriniň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleriniň bilelikde alnyp barlan işleriniň netijesinde işlenip taýýarlandy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn