Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy


20.03.2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de «BOTAŞ» kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhmanlar duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Gahryman Arkadagy mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar. Şeýle hem Alparslan Baýraktar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Aşgabatda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ýurduň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Alparslan Baýraktar Gahryman Arkadagyň Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň we parasatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

«Rejep Taýyp Ärdoganyň: «Bir millet – iki döwlet» diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk hem-de maýa goýumlary pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin hem ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Gahryman Arkadag Türkmenistanyň bu ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn