Türkmentelekom Bot

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça uçuşlary 9-njy maýdan 10-njy maýa süýşürdi


09.05.2025

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuş senesinde üýtgeşme yglan etdi. Öň 9-njy maýda meýilleşdirilen (T5 715/716) gatnawlaryň senesi üýtgäp, uçuş 10-njy maýda meýilleşdirildi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Täzelenen tertibe laýyklykda, «T5715» uçary Aşgabatdan Moskwa 10-njy maýda ýerli wagt bilen 09:05-de uçup, Russiýanyň paýtagtyna 10:55-de barar. Yza gaýdyp gelýän «T5716» uçary Moskwadan Aşgabada şol gün 12:20-de uçup, ýerli wagt bilen 18:00-da türkmen paýtagtyna geler.
Uçuşlaryň gidiş we geliş wagtlary üýtgemez, diňe uçuşlaryň senesi üýtgeýär.
Awiakompaniýa meýilnamanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ýolagçylardan ötünç sorady. Ýolagçylar awiakompaniýanyň wekilhanalaryndan goşmaça maglumat alyp bilerler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn