2024-nji ýylda ýurdumyza gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 50% artdy


29.07.2024

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistan barha meşhur syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Daşary ýurtly syýahatçylaryň bu ýyl ýurda gelmegi öňki ýyllar bilen deňeşdirilende 50% ýokarlandy.

 

«Ýurdumyz taryhy ýerlere baý: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç gadymy şäherleri dünýäniň çar künjeginden syýahatçylary, gözlegçileri we taryhçylary özüne çekýär. Merkezi Aziýanyň hemme ýerinde utgaşdyrylan gezelençler, esasan hem, daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda meşhurdyr. Munuň özi syýahatçylara Merkezi Aziýa sebitiniň taryhyna we medeniýetine içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär» — diýip, belleýän syýahatçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň sözüni «SNG today» habarlar portaly getirýär.

 

Türkmenistan hem öz gezeginde syýahatçylara ahalteke atlaryny synlamak, gadymy golýazmalar bilen tanyşmak, mukaddes ýerlere, adaty senetçilik ussahanalaryna baryp görmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär.

 

Ýurt syýahatçylyk infrastrukturasyny çalt depginde ösdürýär. Täze myhmanhanalar, ulag elýeterliligini gowulandyrmak we syýahatçylyk hyzmatlarynyň giňelmegi Watanymyzyň syýahatçylar üçin has özüne çekijiligini üpjün edýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn