Arkadag şäherindäki mekdepde Robototehnika bilim merkezi açyldy


02.09.2024

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde döredilen täze merkez ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat boldy.

Robototehnika bilim merkezi okuwçylary ylym, tehnologiýa, inženerçilik, sungat we matematika (STEAM) derslerini öwrenmäge höweslendirmek we beýleki mekdeplere görelde bolmak üçin döredildi. Ol bir wagtyň özünde 8 – 12 mekdep okuwçysyny taýýarlamak üçin doly enjamlaşdyrylan.

“Robototehnika bilim merkeziniň işe girizilmegi ýaş zehinlere geljekde zerur hünärleri öwretmekde möhüm ädimdir. Talyplary STEAM bilimi bilen tanyşdyrmak arkaly, innowasiýalardan baş çykarýan, ynamly we geljegiň wezipelerini çözmäge ukyply nesli kemala getirmäge ýardam berýäris" diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea belledi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi STEAM (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik, Matematika) bilim modeliniň barha artýan ähmiýetini ykrar edýär we okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň islegleri esasynda ýurduň mekdeplerinde robototehnika bilim merkezleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýar.

STEAM bilimi ÝUNISEF-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki tagallalarynda üns merkezindedir. ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligine bu merkezde STEAM bilimini ösdürmekde goldaw bermäge taýýardyr diýlip, ÝUNISEF-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn