Aşgabat şäher häkimliginiň täze toplumynda şäher wideogözegçilik merkezi bar


02.09.2024

Aşgabat şäher häkimliginiň täze toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şäher wideogözegçilik merkezi otagyna bardy we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häkimligiň hünärmeni dispetçer otagynyň işiniň doly awtomatlaşdyrylandygy barada gürrüň berdi.

Bu otagda gurnalan hem-de döwrebap programma bilen üpjün edilen kompýuterler arkaly Aşgabat şäheriniň çägindäki seýilgählere wideogözegçilik amala aşyrylýar. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berer, - diýip TDH agentligi habar berýär.

Ozal biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigi barada habar beripdik.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn