Maryda ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy maslahaty geçirildi


10.09.2024

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahat Mary welaýatynyň işjeň ýaşlaryna ekologiýa bilen bagly ählumumy soraglary özara maslahat etmäge we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri bilelikde çözmeklige mümkinçilik döretdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Geçirilen Ýaşlar maslahatyna ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň wekili hanym Jalpa Ratna, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça: “Syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler” atly maksatnamasynyň müdiri hanym Karolina Milow, Mary welaýatynyň ýaşlary, Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçileri, degişli halkara guramalaryň wekilhanalarynyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak hem-de Energetika ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisden soňra maslahat ýaşlaryň işjeň toparlara bölünmegi arkaly bölümçelerde dowam etdi. Onuň dowamynda kärhanalaryň parnik gazlaryny bölüp çykarmagyny azaltmak, energiýa babatynda ekologiýa taýdan arassa çeşmelere geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda jemgyýetiň maglumatlylygyny ýokarlandyrmak, energiýany tygşytlamak we durnukly durmuş ýörelgesini alyp barmak, energiýa üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrýan akylly-torlary we täze döwrebap tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak ýaly ugurlar, şeýle-de Türkmenistanda Gün we ýel energetikasyny ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Bellenilen meseleler boýunça ýaşlaryň teklipleri alyndy hem-de olary Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Beýannamasyna goşmak meselesine seredildi.

Şeýle görnüşdäki çäre çagalar üçin hem niýetlenip, Mary şäherindäki “Algoritm” okuw merkezinde howanyň üýtgemegi boýunça çagalaryň milli konferensiýasy geçirildi. Oňa Mary şäheriniň orta mekdepleriniň we okuw merkezleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri “Howanyň üýtgemegi we Türkmenistanyň çagalary” atly mowzuk boýunça çagalara düşnükli hem-de täsirli bolmagy üçin oýun görnüşindäki prezentasiýany görkezdiler. Çykyşlarda çagalar global ýylylyk, bugarmak hadysasy, energiýany tygşytly ulanmak we daşky gurşawy goramak baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn