Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze gaz gysyjy bekediň düýbi tutuldy


11.09.2024

Şu gün Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu çärä Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

«Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüniň tutulmagy Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmekde möhüm ädim bolup, sebitiň durnukly gaz üpjünçiligine gönükdirilendir.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak bilen bagly degişli Karara gol çekendigini habar beripdik.

Şol resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn