Türkmenistan we Owganystan täze demir ýol köprüsini açdylar


11.09.2024

Şu gün Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň

Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar.

Bu köpri iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam edip, sebitiň ulag infrastrukturasynda möhüm baglanyşyga öwrüler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn