17.09.2024
16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik Iwan Kuzmin bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi we obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňra geňeşiň başlygy, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministriniň orunbasary Wladimir Grakun çykyş edip, Arkalaşyga agza ýurtlarda seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde alnyp barylýan bilelikdäki işlere işjeň gatnaşmak bilen, durnukly ösýän ýurtdugyny, öz çäginde Arkalaşygyň çäreleriniň geçirilmegine hemişe jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda oba hojalygy pudagynda azyk howpsuzlygyny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly anyk çäreler görülýär.
Mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, şitilhanalaryň ýagdaýy, üzümiň we miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün etmek babatda seçgiçiligiň eýeleýän orny barada maglumatlar diňlenildi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat pudagynda giň halkara hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga açykdygy nygtaldy. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Şunda Arkalaşygyň çäklerinde ýokary hilli we gibrid tohumlar, miweli ekinleriň, üzümiň nahallary bilen üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy. Munuň özi agza ýurtlaryň obasenagat toplumynyň durnukly ösdürilmegine ýardam edýär. Oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we döwletara integrasiýany mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, GDA-da tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljeriş ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Duşuşykda GDA ýurtlarynda ýeralmanyň, güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň seçgiçiligi we tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, zyýankeşlere, oba hojalyk ekinleriniň kesellerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşyga agza ýurtlarda gök-bakja ekinleriniň tohumçylyk birleşigini döretmek baradaky hasabat duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol bu işe agza ýurtlary çekmek bilen, kuwwatly seçgiçilik-tohumçylyk pudagyny döretmäge ýardam berer.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk hem barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyz seçgiçilik we toprak-howa şertlerini nazara alyp, tohumlary synag etmek boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak, tohumçylyk, döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek we getirmek ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär.
Mejlisiň barşynda duşuşygy guramaga beren goldawlary, bilelikde işlemek babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Merkeziň öňündäki meýdançada emeli döredilen pagta we bugdaý meýdanlarynyň, dürli bakja ekinleriniň, miweleriň we gök önümleriň bölümleri ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanda «Tohumçylyk hakynda» Kanuna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle hem halkara tejribä esaslanylyp, tohumçylyk işine uly ähmiýet berilýändigini nygtamak gerek. Seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda dowam etdirilýän ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň we hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalygy pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergi myhmanlara orta süýümli we aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň naýbaşy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Olaryň her biri köpýyllyk milli seçgiçilik işleriniň netijesidir.
Mejlisiň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kuzmin bilen duşuşygy geçirildi. Onda tohumçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, pudagy ösdürmegiň ylmyň ýokary gazananlaryna, tehnologiýalara daýanýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Degişlilikde, bu täze tohumlaryň birinji görnüşi “Serdar”, ikinji görnüşi “Arkadag”, üçünji görnüşi bolsa “Pyragy” diýlip atlandyryldy.
Şeýle-de oba hojalyk önümçiligine ekinleriň, şol sanda güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak meselelerine, tohumçylykda gazanylanlara, bugdaýyň täze görnüşleriniň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegine bagyşlanan “tegelek stol” duşuşyklary geçirildi.
19.09.2024
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy ulag diplomatiýasy boýunça «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi
19.09.2024
Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
19.09.2024
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
19.09.2024
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09.2024
19-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylar
18.09.2024
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
18.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
18.09.2024
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
18.09.2024
Döwlet Baştutanymyz: Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
17.09.2024
Türkmenistanyň gündogar sebitinde 19,780 tonna güýz ýeralmasy ýygnaldy
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti nemes işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşmak üçin Astana bardy
17.09.2024
Çagyryş boýunça harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakyndaky Permana gol çekildi
17.09.2024
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.09.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy
16.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
16.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
16.09.2024
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi
16.09.2024
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi
16.09.2024
Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
14.09.2024
Ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler
14.09.2024
Türkmenistan raýat awiasiýasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýar
14.09.2024
Aşgabatda Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar
14.09.2024
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylyp ulanmaga berler
14.09.2024
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumy ornaşdyrylar
14.09.2024
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara
13.09.2024
Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi iş sapary bilen "Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna bard
13.09.2024
Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreş bilen bagly brifing geçirildi
13.09.2024
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
12.09.2024
Aşgabat Astana bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
12.09.2024
Türkmenaragatnaşyk agentligi TIF-2024 forumynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
12.09.2024
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
12.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
12.09.2024
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
11.09.2024
Türkmenistan we Owganystan täze demir ýol köprüsini açdylar
11.09.2024
Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze gaz gysyjy bekediň düýbi tutuldy
11.09.2024
Türkmenistan we Owganystan birnäçe energetika hem-de ulag infrastrukturasynyň gurluşygyna badalga berdi
11.09.2024
Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary
11.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
11.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy
11.09.2024
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
11.09.2024
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
11.09.2024
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
11.09.2024
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy
11.09.2024
Türkmenistan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara ýardam bermekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
10.09.2024
Maryda ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy maslahaty geçirildi