18.09.2024
Hormatly jenap Federal Kansler!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!
Wekiliýetleriň agzalary!
Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Şu günki duşuşyk gatnaşyjylaryň ählisiniň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna düşünýändigine, oňa hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyna, hyzmatdaşlygyň berk gurallarynyň ýakynlaşdyrylmagyna çalyşýandygyna şaýatlyk edýän wajyp ähmiýetli waka bolup durýar. Sammitiň netijeleriniň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi gazanmakda, anyk ylalaşyklara çykmakda täze, möhüm tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynanýarys.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň gatnaşyklarynyň barşyny hem-de many-mazmunyny häsiýetlendirmek bilen, olaryň, aýratyn-da, soňky ýyllarda yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygyň tejribesi we däpleri toplandy, esasan-da, işewürlik ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe ugurlar boýunça hökümetara gatnaşyklar alnyp barylýar.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýar. Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys. Ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmek zerurdyr. Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin şeýle çemeleşme möhüm ähmiýete eýedir. Biz şu maksatlara ýetmäge, şol sanda häzirki formatda oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys. Şunda halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys. Halkara derejede, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde bu ugurlar boýunça işiň anyk ýollarynyň bilelikde kesgitlenilmegi oýlanyşykly hem peýdaly bolar.
Sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri Owganystandaky ýagdaýdyr. Biziň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahamyz häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýar.
Hormatly wekiliýet Baştutanlary!
Ykdysadyýet Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgam, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki bir tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly oňa çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly biziň gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolmaga ukyplydyr. Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ony ösdürmek we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar.
Ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellemek isleýärin.
Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografik mümkinçilikleri Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi, halkara işewürlik ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen birlikde biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar.
Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalarydyr maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen “Ýaşyl” Merkezi Aziýa” atly maslahatyň wajyp ähmiýetini belleýäris. Şol maslahatda möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. “Ýaşyl” mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýärin.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar hemişe döwletara hyzmatdaşlyga oňyn täsir edipdir. Häzirki wagtda-da olar aýratyn zerur bolup durýar we biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň isleglerine hem-de bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, özara hormat goýmagyna ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu ulgam hem zerur bolan döwlet goldawyny almalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de höweslendirmegiň, giň ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belleýär.
Gazagystanyň Prezidentine şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin we Türkmenistanyň şu formatyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýaryn.
(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry)
19.09.2024
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy ulag diplomatiýasy boýunça «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi
19.09.2024
Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
19.09.2024
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
19.09.2024
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09.2024
19-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylar
18.09.2024
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
18.09.2024
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
18.09.2024
Döwlet Baştutanymyz: Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
17.09.2024
Türkmenistanyň gündogar sebitinde 19,780 tonna güýz ýeralmasy ýygnaldy
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti nemes işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdy
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşmak üçin Astana bardy
17.09.2024
Çagyryş boýunça harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakyndaky Permana gol çekildi
17.09.2024
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
17.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.09.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy
17.09.2024
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi
16.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
16.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
16.09.2024
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi
16.09.2024
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi
16.09.2024
Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
14.09.2024
Ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler
14.09.2024
Türkmenistan raýat awiasiýasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýar
14.09.2024
Aşgabatda Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar
14.09.2024
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylyp ulanmaga berler
14.09.2024
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumy ornaşdyrylar
14.09.2024
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara
13.09.2024
Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi iş sapary bilen "Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna bard
13.09.2024
Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreş bilen bagly brifing geçirildi
13.09.2024
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
12.09.2024
Aşgabat Astana bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
12.09.2024
Türkmenaragatnaşyk agentligi TIF-2024 forumynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
12.09.2024
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
12.09.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
12.09.2024
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
11.09.2024
Türkmenistan we Owganystan täze demir ýol köprüsini açdylar
11.09.2024
Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze gaz gysyjy bekediň düýbi tutuldy
11.09.2024
Türkmenistan we Owganystan birnäçe energetika hem-de ulag infrastrukturasynyň gurluşygyna badalga berdi
11.09.2024
Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary
11.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
11.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy
11.09.2024
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
11.09.2024
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
11.09.2024
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
11.09.2024
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy
11.09.2024
Türkmenistan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara ýardam bermekde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
10.09.2024
Maryda ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy maslahaty geçirildi