Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara


19.09.2024

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrüljekdigine, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelejekdigine berk ynanýaryn.

Häzirki döwürde Eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan ýurdy hökmünde tanalýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapyp, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek hem-de ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydyr. Bu ugurda geljegi nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, tebigy serişdeleri aýawly, toplumlaýyn peýdalanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ösdürmekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly sepgitlere ýetilýär.

Gadyrly dostlar!

Eziz myhmanlar!

Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň we aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Muňa berkarar döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ähli ugurlara ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň we halkara ähmiýetli ägirt uly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, düýbünden täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurulmagy — bularyň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň miwesidir.

Bu gün öz işine başlaýan giň möçberli sergide diňe bir Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de, eýsem, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze taslamalarymyz hem giňden beýanyny tapýar. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen berk ykdysady binýat eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly girewidir. Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Türkmenistany dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça syýasatymyzy doly amala aşyrarys.

Bu üstünlikler ata Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, ykdysady we durmuş taýdan ösüşlerimiziň aýdyň netijeleridir.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn