Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy ulag diplomatiýasy boýunça «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi


19.09.2024

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda «Ulag diplomatiýasy: Türkmenistan we Rumyniýa — Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän» atly «tegelek stol» duşuşgy geçirildi.

Duşuşyga Rumyniýanyň ulag we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş, Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň üstaşyr we ulag mümkinçilikleri, ýurtda döredilýän multimodal ulag infrastrukturasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagyndaky halkara başlangyçlary görkezildi.

Hususan-da, dünýä jemgyýetçiliginiň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň goldawy we Türkmenistanyň bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada söhbet edildi. Şol bir wagtyň özünde, häzirki ýagdaýlar, öňde boljak taslamalar we bu ugurdaky indiki meýilnamalar barada durlup geçildi.

Bu ýere ýygnananlar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda intermodal we multimodal serhetaşa we üstaşyr ulag hyzmatlaryny goldamagyň hem-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şol sanda «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag ýoly boýunça degişli ýurtlar üçin üpjünçilik zynjyrynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek we giňeltmek barada bellenildi diýlip, ilçihana tarapyndan habar berildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn